Bir zat üçin zerur bolan ýagdaý.
Tebigata garşy agyr göreşde adam az-azdan öz ýaşaýyş şertini gowulandyrypdyr. (Gadymy dünýä taryhy)
Bu ikisi urşuň ilki başlaryndaky kyn şertleriň içinde söweşe gatnaşyp başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir zat üçin edilen ylalaşyk, edilen wada, düzgün-tertip.
Olaryň gazdyrýan guýulary gurruk çyksa, biz alara hiç zat tölemeris, olaryň şerti şeýle. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Men seniň aýdanyňa bir şert bilen razy bolup bilerin. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Berlen söz, edilen kasam, äht.
Joşgunly söýgüniň bir übtejegini hem üýtgetmän, göwnüniň altyn sandygyndan saklajagyna şert etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol pullaryň bir manadyny-da öz ýüreginde şert eden zady üçin harçlap bilmedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir zadyň boluş ýagdaýy, derejesi.
Howa şertleri.
Tebigy şertler.