Şermendä has bolan gylyk-häsiýet, hereket, şermende bolmaklyk.
Äşebibi adynda hiçbir şermendelikden gaýtmaýan, gep gezdiregen, jedelkeş bir aýalyň baryny ol bilýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Gyjalaty, ary, utanjy bilmez. Şermendelik edip ýören ýaltadyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şermendelik - şermendeligi.