şepbik

Käbir ösümliklerde bolýan şepbeşik şireli jisim.

  • Ir-iýmiş ýygnamak bilen elleri şepbik bolup duran adamlar degşip-gülüşýärdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Çagalar erik şepbiklerini ýygnadylar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şepbik - şepbigi.


Duş gelýän formalary
  • şepbige
  • şepbigi
  • şepbiginde
  • şepbigiň
  • şepbikden
  • şepbikler
  • şepbiklerini
  • şepbikli