şemallatmak işlik

[şema:llatmak]

  1. Howa çykarmak, şemal çaldyrmak, ýelejiretmek.

  2. Sowuk urduryp syrkawlatmak, şemala çaldyrmak, dümewletmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şemallatmak - şemalladýar, şemalladar, şemalladypdyr.