şemal

[şema:l]

Howa akymy, howanyň hereketi, çalaja öwüsýän ýel.

  • Ýukajyk geýimleri çala pasyrdadýan ýakymly şemal-da, tämiz howa-da onuň üstüni özüne çekip bilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Gündogardan öwüsýän şemal ýüzüňi ýalap, gözleriňi ýaşardýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

şemal çalmak

  1. Howa täzelenmek, ýelejiremek, şemallamak.

    • Ertirine, agşamyna içerik hökman şemal çaldyrmaly;.

  2. Sowuk urup syrkawlamak, dümewlemek.

    • Belki, ýolda şemal çalandyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)