şekilli1 sypat

  1. Gowy görnüşli daşky şekili, sypaty görmegeý bolan, owadan.

    • Şekilli gyz.

  2. Sudury, şekili bar bolan.

şekilli2 sypat

«Ýaly, kimin, dek» diýen ýaly many aňladýan sözsoňy kömekçi.

  • Adam şekilli adam öz ýurdunda, il içinde orun tapar. (Myraly)

  • Hoşgeldiniň göwnüne töwerekdäki bu görnüşler bada-bat göýä düýşdäki bir salgym şekilli bolup görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)