Şeýle etmek, şunuň ýaly etmek, şu hili etmek.
Şeýdäý, ýene bir-iki sagatdan geläý! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şeýtmek - şeýdýär, şeýder, şeýdipdir.