«Şunuň ýaly, şuňa meňzeş», diýen ýaly manyny aňladýan çalyşma.
Eje, meniň bu günki ýadawlygymyň üstüne seniň şeýle tükeniksiz gyjydyň näme geregi bar?! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Hiçbir maksatsyz, biderek.
Men Sonalara ýöne şeýle gitdim.
«Örän, gaty» diýen ýaly many aňladýan güýçlendiriji ownuk bölek.
Ol şeýle gowy aýdym aýdýar, onuň owazy şeýle ýakymly, diňläniňde dynjyňy alýarsyň.
«Onsuz-da, bolmanda-da» diýen ýaly many aňladýan ownuk bölek.
Sen maňa azar berme, men şeýle-de aljyraňňy !