şat

[şa:t]

  1. Keýpi kök, şadyýan.

    • Myradyň göwni şatdy, ruhybelentdi. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

    • Ol näme üçin hemişekisi ýaly şat däl. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)

  2. Batly, gurply, ajaýyp.

    • Ol halkyma iň mähriban hossardyr, Ilim onuň bilen şat güne ýetdi. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şat - şadym, şadyň.

şat habar

seret habar

  • Ýoldaşyndan şat habar ýetişen adam begenjinden oňa diňe bir ganat baglap uçup bilmedi. («Tokmak» Žurnal)