şapyrdatmak işlik

Şapyrdyly ses çykartmak, şapyrdyly ses etdirmek.

  • Ol edil unaş içýän ýaly edip ýagly palawy şapyrdadyp iýýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Palçykly gumy şapyrdadyp oklaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Uzak günüň ýadawlygy, ýoluň tebsiretmegi ter gawuny şapyrdadyp iýmeklerine mejbur etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şapyrdatmak - şapyrdadýar, şapyrdadar, şapyrdadypdyr.