şapak şa‧pak

  1. Gün dogmazynyň öň ýanynda hem Gün ýaşandan soň gündogar we günbatar gözýetimde emele gelýän gyzyl Gün şöhlesi.

    • Durdy çopan bolsa görünýän gyzyl şapaga seredip, egnindäki tozgalap duran sakgalyny dyrmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol agşam şapagynyň nähili gyzarandygyny, soň onuň nähili garaňkyrap gidendigini gördi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  2. Daň sazy, daň atmazynyň öňüsyrasyndaky wagt.

    • Otly şapak ýagtylanda Aşgabada golaýlapdy. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şapak - şapagy.


Duş gelýän formalary
  • şapaga
  • şapagy
  • şapagydyr
  • şapagyna
  • şapagynda
  • şapagyny
  • şapagynyň
  • şapagyň
  • şapakda
  • şapakdan
  • şapakly