şallak şal‧lak

  1. Suwa düşülende aýak bilen aşyr atyp oýnalýan oýun.

    • Oglanlar suwda şallak oýnaýardylar.

  2. Gamçy, toýry ýaly urulýan zat, taýak.

    • Arz edip baran adamlara ýatyryp şallak urdular. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

    • Halwany hekim iýer, şallagy ýetim. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şallak - şallagy.


Duş gelýän formalary
  • şallagy
  • şallak-da
  • şallakdyr