şakyrdatmak işlik

Şakyrdyly ses çykartmak, şakyrdyly ses etdirmek.

  • Bahar! -- diýip, ýapyk işigi itekläp şakyrdatmaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Başlyk telefonyň trubkasyny şakyrdadyp goýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şakyrdatmak - şakyrdadýar, şakyrdadar, şakyrdadypdyr.