şaýatlyk

[şa:ýa:tlyk]

Şaýat bolmaklyk, güwälik.

  • Obalaryň daş görnüşiniň öz ilatyň çydamsyz ýagdaýyna şaýatlyk edýär. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Wüşi keli töwellaçy hem özüniň hiç wagt uklamaýanlygyna şaýatlyk üçin alyp gelipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şaýatlyk - şaýatlygy.