şaý

  1. Dakynmak üçin metaldan, kümüşden we ş. m. edilen bezeg.

    • Orazgül kömek fonduna ozal özüniň kümüş we gyzyl şaýlaryndan bäş kilony beripdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Watan üçin sarp bolsun Meniň bezegim-şaýym. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  2. Bir zada degişli ýa-da gerek bolan enjam, esbap, gural, zat.

    • Stoluň üsti eýýäm iýmit şaýlary bilen bezelýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Agaç ussaçylygyna degişli bolan şaýlar.

  3. Maşynyň, mehanizmiň, guralyň we ş. m. goşmaça bölegi, detaly.

    • Gerek boljak zapas şaýlaryň bardygyny aýdyp, hoşlaşyp gaýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

şaý tutmak

Bir zada taýýarlyk görmek, bir iş etmek üçin taýýarlanmak, häzirlenmek.

  • Biz gaýtmak üçin şaýymyzy tutýardyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)