şa1

[şa:]

  1. seret patyşa

    • Eýran şasy hem-de Hywa hanlary, Agdyklyk etse-de olaň sanlary, Meň halkymy boýun egdirip bilmedi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  2. Küştçülik termini Küşt oýnunda iň esasy malyň ady.

    • Agaçdan ýonup perzi, pil, ruh, şa, at ýasapdyrlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Küşt berip, şany ýatyrmak.

şa ýol

Köp gatnawly uly ýol, esasy ýol.

  • Onuň ýörişi, hamala diýersiň, şa bilen barýan ýalydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

şa2

«Ş» harpynyň ady.