şübheli sypat

  1. Bir zada şübhesi bolan, bir zada betgümanlyk edýän, bir zada müňkür bolýan.

    • Artyk Durda şübheli bir göz bilen seretdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu şübheli adam nemeslere satylan bir ýalçy itdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Anyk bolmadyk, açyk aýdyň däl, gümana.