şöhrat at

[şöhra:t]

  1. Çekilen zähmet, görkezilen talant netijesinde köpçülik araasynda ady bellilik, meşhurlyk.

    • Zähmet bizde şöhrat işi boldy. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

    • Sen bu işi alyp çykybilseň, ullakan şöhrat gazanarsyň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Üstünlik gazanmaklygy arzuw edilip aýdylýan alkyş, söz.

    • Beýik rus halkyna şöhrat! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Halkyň içinden dörän gahrymanlara şöhrat! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)