şägirt

Ussanyň okuwçysy, tälim alýan kömekçisi.

  • Täze kanuny ýüze çykarmagy başarýan şägirt öz halypasynyň taglymatyny hakyky ösdürüp biler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Durdy çopan öz şägirdiniň ýanyna birnäçe ýigitler goşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Şägirt ussatdan ozdurmasa, kär ýiter. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şägirt - şägirdi.