ýyrtyk-ýyrtyk

Köp ýeri ýyrtylan, eleşan bolan, deşik-deşik bolan.

  • Kagyzlaryň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk, sahypalaryna el kiri düşüp, yz galdyryp gidipdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Bu sözlerden soň geýimi-gejimi ýyrtyk-ýyrtyk oglanjyk ylgap çykdy-da, meni obanyň çetine äkitdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)