ýyrtmak işlik

  1. Ýyrtyk hala getirmek, dilmek, jyrmak.

    • Wepa bukjany ýyrtyp, içinden haty çykaryp, eline aldy. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Atyň ýarmadyk, ýyrtmadyk ýerimi goýmady. («Görogly» eposy)

  2. Dilip ýaralamak, çyzmak.

    • Elimi agaç ýyrtdy.

ýaka ýyrtmak

seret ýaka

  • Içini hümledip, ýakasyny ýyrtýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)