ýylytmak işlik

Belli bir derejede ýylylyk bermek, ýyly hala öwürmek, ýyly etmek.

  • Sadap peçiň üstünde nan goýup, ýylytmaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Wanna serediji aýal oňa narzany ýylydyp berip: -- indi giräýiň -- diýip gaýdypdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Gün jahany ýaňy ýylydyp ugrapdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýylytmak - ýylydýar, ýylydar, ýylydypdyr.