ýyly sypat

  1. Sowuk däl, ýylysy bar bolan, gyzgyn.

    • Wepanyň göwnüne bolmasa, bu gan ýaňyja akan gan ýaly, heniz ýylysy hem gitmedik ýaly bolup göründi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Wanýa onuň söweşde gyzyp derlän teniniň ýylysyny duýanda, oglanda çensiz bagtlylyk duýgusy emele geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýyly suwa el urman, iýerdik gaty tötek. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Onçakly sowuk däl, maýyl.

    • Tamyň içi ýylydy.

ýyly nazar salmak

Ýürekde söýgi beslemek, ýürek bilen garamak, rehim etmek.

  • Ol Häbibä ýyly nazar saldy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)