ýylpyldy

Çala ýanyp görünýän yşyk, şöhle.

  • Eýwandaky çyra ýagtysynda gür ýagyş däneleri kümüş ýaly ýylpyldy bilen seslenýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ýeriň ýüzüni örten gök otlara günüň altyn şöhlesi düşüp, ter ýüzüni ýylpyldy bilen doldurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)