ýylpyldatmak işlik

Ýylpyldap şöhle saçdyrmak, ýyldyratmak, ýylp-ýylp etdirmek.

  • Şol wagt syçrap galan Günüň şöhlesi Aýnanyň gyzyl çaýylan gupbasyny lowurdatdy, atyň eýeriniň gaşyndaky çüýleri ýylpyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýylpyldatmak - ýylpyldadýar, ýylpyldadar, ýylpyldadypdyr.