ýylpyldamak işlik

Ýyldyrap şöhle saçmak, ýyldyramak, ýylp-ýylp edip şöhlelenmek, akjaryp görünmek.

  • Keýikleriň akja ýamzy her ýerden bir ýylpyldap göründi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Hanalar-da kümüş ýaly ýylpyldap, mähir bilen bakýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gumuň arasyndaky ýylpyldaýan daşlar onuň gözüni gamaşdyrypdyr. (Myraly)