ýylpyldaşmak işlik

Ýyldyraşyp şöhle saçmak, ýyldyraşmak.

  • Asmanyň aýna ýüzüne hünji dökülen ýaly paýrap çykýan ýyldyzlar asudalyk bilen ýylpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Çagalar hem dynman ýylpyldaşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýaňyja burnuny görkezen ýylaklar günüň şöhlesine ýylpyldaşyp galypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)