ýylmanak

Ýüzi büdür-jüdür däl, örän tekiz, ýüzi edigan, ýalpyldap duran. Ýüzi büdür-jüdür däl, örän tekiz, ýüzi edigan, ýalpyldap duran.

  • Ol gabagyny galdyrman, piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypap, diňe: -- Aýsoltan! -- diýip seslendi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Mama ýylmanak dörtgoşma bilezigi etlek bileklerine dakynyp, kümüşli heýkeli ýanyn dakyndy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýylmanak - ýylmanagy.

ýylmanak gürrüň

seret gürrüň

  • Ol ýylmanak gürrüňler tapyp, Hatyjany aýlampaja mündüren ýaly başyny aýlandyryn öýtdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)