ýylmamak işlik

Zadyň ýüzüniň büdür-jüdür ýerini gyrdap ýonup ýylmanak etmek, endigan tekizlemek.

  • Tagtalary ýylmaýardy ussaň ýiti rendesi. («Pioner» žurnaly)

  • Ol agaran saçlaryny ýygyrtlaşan eliniň aýasy bilen iki baka ýylmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol bir günde 300 kastrýuly ýylmap bilýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • ýylmady
  • ýylmajyk
  • ýylmama
  • ýylmamaga
  • ýylmamagy
  • ýylmamagyň
  • ýylmamak
  • ýylmamakda
  • ýylmamaklyk
  • ýylmamaly
  • ýylmamazdan
  • ýylman
  • ýylmana
  • ýylmap
  • ýylmaýan
  • ýylmaýar
  • ýylmaýardy