ýyldyz

  1. Ýönekeý göz bilen görmek mümkin bolan we öz özünden ýagtylanýan asman jisimi.

    • Ýyldyz ýagtysyna towşanyň akja butlary saýgarylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýsyz dury asmanyň ýyldyzlary öz kanunlary boýunça asudalyk bilen balkyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gije garaňky bolsa-da, gizlenip gaçýany saýgarmaga köp sanly ýyldyz şöhlesi mümkinlik döredýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Bir zady alamatlandyrýan bäş burç nyşan.

    • Onuň papagynda gyzyl ýyldyz ýaldyrap dur. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýyldyza toýnak salmak

Keýpi kök bolmak, wagty hoş bolmak, mesirgemek.

  • Babaly ýatan ýerinde ýyldyza toýnak salýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýyldyza ugran ýaly bolmak

Işi şowsuz bolmak, edileni ters bolmak, oň bolmazlyk.

  • Arçyn, indi näme etmeli, bu gün biz ýyldyza ugran ýaly bolduk-la! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýyldyzy düşmezlik

Gylyk-häsiýetleri deň gelmezlik, oňuşmazlyk.

  • Biziň gelnimiziň oglumuz bilen ýyldyzy düşüşmändir -- diýip, doga -- tumar üçin pul baryny harçladylar. (N. Pomma, Eserler Ýygyndysy)