ýylan

[ýyla:n]

Egrem-bugram bolup suwlup hereket edýän, zäherli, aýaksyz süýreniji.

  • Ýylan ýaly towlanjyraýan goşa saç, Owsun atýar, şowurdaýar keteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Ýylan çakan kendirden gorkar. (nakyl)

  • Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher. (nakyl)

  • Ýylanyň aýagyny görmersiň, mollanyň -- çöregini. (nakyl)

  • Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş. (nakyl)

  • Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer. (nakyl)