ýykylmak işlik

  1. Weýran bolmak, berbat bolmak, ýumrulmak.

    • Ýorgany köprüsi ýykylan ýaplardan urduryp geçende bolsa, Halnazaryň üzeňňisini ýygyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göreşde garşydaşyňdan ýeňilmek, basylmak.

    • Aý, ýykylsaň, uludan ýykyl diýen nakyl bar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Göreş etse duşmanyndan ýykylmaz, Ýaşlara kän salam Ata Salyhdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Ýykylan, göreşden doýmaz. (nakyl)

  3. Taýyp, büdräp, aýagyň özüňe edem bermän, göwrän, bilen ýere gaýtmak.

    • Synja gylmaga oturan Mämmetweli kündügine büdräp ýykyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Entedi, ýykyldy, ýene-de turdy. Diýdi: -- Ýap içinde ýatsam bor maňa. («Tokmak» žurnaly)

    • Söýenişen ýykylmaz. (nakyl)

  4. Agdarylyp ýere düşmek, başaşak gaýtmak, bir zadyň üstünden ýere gaçmak.

    • Sapar ýykylan bada eşek hem durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Eger ýykylaýsaň, çigidin çaşar bilgin şony! -- diýen. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  5. Bir zadyň içine gaçmak, içine düşmek.

    • Pil hem yzy bilen baryp, guýa ýykylyp ölüpdir. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  6. Başga ugra akmak, agmak, böwsülmek (suw hakda).

    • Näbelli sebäplere görä, iki sapar suw ýykylypdyr. (A. Gowşudow, Eserler)

  7. Höküm sürmekden mahrum bolmak, häkimiýet ýolbaşçylygyndan ýok edilmek, agdarylmak.

    • Ana, indi patyşa ýykylypdyr; nähili gönenýän bolsaňyz, göneniň göreýin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aýagyna ýykylmak

seret aýak

  • Jan gelnim, jan gelin, oglum gelýänçä, agtygymy eltjek bolma -- diýip, ýarym-ýaş bolup, gelniniň aýagyna ýykyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

eşekden ýykylan ýaly bolmak

Äme-säme bolmak, seňse bolmak.

  • Meni edil eşekden ýykylan ýaly äne-säme etdi. («Tokmak» žurnaly)

gülüp kese ýykylylmak

seret gülmek

  • Birnäçesi gülüp, kese ýykyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

şarpyldap ýykylmak

Batly ýykylmak.