ýykmak işlik

  1. Weýran etmek, berbat etmek, ýumurmak.

    • Köne haýatlary ýykyp, dökün hökmünde ýer dökýärler.

  2. Ýeňmek, üstün çykmak (göreşde we ş. m. ).

    • Hudaýberdi ýaşdaş oglanlary bilen göreş tutardy, köplenç wagtlarda çykap baýrak alardy. («Pioner» žurnaly)

    • Ejizräk bir ýigit egninden ýapyşanda, ol ony silterläp ýykdy-da, ökje göterdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Höküm sürmeginden mahrum etmek, häkimiýet başyndan agdarmak.

  4. Dik duran halyndan gyşardyp, ýere ýaplamak.

    • Agşamky güýçli ýel bir näçe agaçlary ýykypdyr.

  5. Bir zadyň içine gaçyrmak, bir zadyň içine düşürmek.

    • Men pili bir çuň guýa ýykaryn. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

göwün ýykmak

seret göwün

  • Çopanymyz hem aýalanyň göwnüni hiç ýykmady. («Mydam Taýýar» gazeti)

öýüni ýykmak

seret öý

  • Aý Mämmet baý, sen biziň öýümizi ýykdyň, öýümizi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)