ýykan-ýumran

[ýyka:n-ýumra:n]

ýykan-ýumran etmek

Wes-weýran etmek, derbi-dagyn etmek, agdar-düňder etmek, ýykyşdyrmak.

  • Onsoň gyzlaryň hemmesi döwüň öýüni ýykan-ýumran edip, gaçyp gidýärler. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

ýykan-ýumran bolmak

Weýran bolmak, derbi-dagyn bolmak, agdar-düňder bolmak, ýykylmak.

  • Ol ýykan-ýumran bolan, ýöremegi kyn köçe bilen barýarka, öz maşgalalary hem ýadyna düşdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)