ýygyrt-ýygyrt

Ýygyrt atan, epin-epin, gasyn-gasyn.

  • Ädiginiň gonjy baldyrynyň ýumry etinden geçmän, edil gadymky demirçileriň körügi ýaly ýygyrt-ýygyrt bolup dur. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ýüzüniň hamy bolsa edil hindi horazynyň boýny ýaly ýygyrt-ýygyrtdy. («Türkmenistan Kommunisti» žurnaly)