ýygyrt

Ýygrylyp emele gelen epin, gasyn.

  • Aýnur ýaňaklary ýygyrt basan dolmuş aýal bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Onuň ýygyrt atan maňlaýy 70-den agandygyny aňladýardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Köýnegiň ýygyrtlaryny ütükleseň bolmaýarmy? !

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygyrt - ýygyrdy.