ýygyrmak işlik

  1. Ýygyrt-ýygyrt etmek, epin tutdurmak, epin-epin etmek, epmek.

    • Köýnegiňi beýdip ýygyrmasana!

  2. Büzüp bir ýere getirmek, büzüp kiçeltmek, telpegiň etegini ýygyrmak, gowurmak.

  3. Bir zat sebäpli düýrülmek.

    • Ol ýalaňaç aýaklaryny ýygryp, göm-gök, porsy sadyr suwuň içinde ýatyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Ýetip, golaýlap barmak, golaýlaşmak.

    • Keýikler gaçýar maşyn arany ýygyrýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýygyrmak - ýygrar, ýygrypdyr.

seňrigiňi ýygyrmak

Bir zatdan nägiledigiňi bildirmek yşaratyny etmek.

  • Bally atyň üstünde, maslyga gelen ýyrtyjy ýaly, seňrigini ýygryp durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)