ýygynçak

  1. Kiçiräk üýşmeleň, kiçiräk ýygnanyşyk.

    • Olaryň gapysynda bir ýygynçak bar, toý edýärlermikä?

  2. Belli bir maksat üçin düzülýän az sanly nöker, topalaň.

    • Ol bir-ä, ýurda gaýdyp gelmez bir-de, özbaşyna ýygynçak düzmez. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Men näme üçin çete çykyp, özüm ýalylardan ýygynçak döretmedim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygynçak - ýygynçagy.