ýygyn

  1. Bir ýere ýygnanan märeke, mähelle, üýşmeleň.

    • Şunluk bilen agyr ýygyn toý meýdanyna baka eňer. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Emma durdugyça ýygyn köpelýändir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Goşun, leşger.

    • Ýygyn gelip, sap-sap bolup durdular, subh-säherden nagarasyn gurdular. («Görogly» eposy)

    • Leýtenantyň buýrugy boýunça ýigitler biri-biriniň yzyndan şonuň ýaly ýerlikli hem çalasyn hereket etmek bilen, duşmanlaryň agyr ýygnyny zaýaladylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýygyn - ýygny.


Duş gelýän formalary
  • ýygna
  • ýygnady
  • ýygnadyk
  • ýygny
  • ýygnyny
  • ýygnyň
  • ýygynda
  • ýygyndan
  • ýygyndy
  • ýygyndylar
  • ýygynlar
  • ýygynlara
  • ýygynlaryna
  • ýygynlarynda
  • ýygynlaryny
  • ýygynlarynyň
  • ýygynly
  • ýygynlyk