ýygym

  1. Hasyl ýygnalýan döwür, hasyl ýygmak kampaniýasy, wagty, orak wagty, orum, tirim.

    • Ýygym işine päsgel bermez ýaly, bütin ýagdaýlary düzetjegini başlyk öz sözünde aýdyp geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Kolhozçylar ýygym işine başladylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Belli bir maksat üçin ýygnalýan pul ýa zat, töleg.

    • Halkdan toplanýan ýygymlar ýurdy abadanlaşdyrmak üçin peýdalanylýar.