ýygylmak işlik

  1. Orlup ýygnalmak, ýygnalyp hasyly alynmak, orulmak, tirilmek.

    • Emma siz näme işleýärsiňiz, pagta ýygýarmysyňyz ýa ýyglan pagtany sykajaga salýarmysyňyz? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Bir ýere toplanmak, jem bolmak, üýşmek.

    • Ol ýere toý märekesi ýaly köp adam ýygyldy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýygylmak - ýyglar, ýyglypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýyglan
  • ýyglanda
  • ýyglandan
  • ýyglandygy
  • ýyglar
  • ýyglarmy
  • ýyglyp
  • ýygyldy
  • ýygyljak
  • ýygylmaga
  • ýygylmagy
  • ýygylmagyna
  • ýygylmaly
  • ýygylmalydyr
  • ýygylman
  • ýygylmaýar
  • ýygylsa
  • ýygylsyn
  • ýygylýan
  • ýygylýan-da
  • ýygylýandygy
  • ýygylýança
  • ýygylýar
  • ýygylýardy