ýygyjy

  1. Tipografiýada harp ýygýan işçi, spesialist.

    • Ol harp ýygyjy bolup işleýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Hasyl ýygýan, hasyl ýygnaýan adam, maşyn we ş. m.

    • Her bir pagta ýygyjy, Gurban aganyň ýa-da Jumagülüň ýanyndan ýygmagy isleýärdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Pagta ýygyjy we däne arassalaýjy maşynlary işläp çykarmaklygyň plany ýerine ýetirildi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)