ýygrylmak işlik

  1. Ýygyrt atmak, gasyn-gasyn bolmak, gasyn atmak, düýrlenmek.

    • Ol galstugynyň ýygrylan ýerlerini ýazyp başlady. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Köýnegiň ýygrylan ýerlerini ýazyşdyrmak.

  2. Büküşmek, düýrükmek (Üşemek we ş. m. zerarly).

    • Ogulgerek sowukdan gorkusyna ýorganyň içinden elini -- aýagyny çykaryp bilmän, ýygrylyp ýatyşynda, gijäniň bir wagtlary oýandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Emma Umsagülüň pişik öňündäki şyçan ýaly ýygrylmagy, şonuň bile şol habary anyklamagyň zerurlygy Halnazary birneme özüne getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Wanýa aljyraňňy bir görnüşde ýygrylyp durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)