ýygrykmak işlik

  1. Utanjaňlyk etmek, utanjyramak, çekinmek, uýalmak.

    • Gyzym bilen tanyş boluň -- diýmegi meni gaty ýygrykdyrdy. (K. Imanow, Watan Üçin)

  2. Gorka durmak, gorka hereket etmek.

    • Durdymyrat özüniň ýygrykmagyndan reňkini ak tam edip, derrew geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygrykmak - ýygrygýar, ýygrygar, ýygrygypdyr.