ýygnatmak işlik

  1. Hasyl toplatmak, hasyly ýygyp aldyrmak.

    • Hasyly ýitgisiz ýygnatmak.

  2. Gizläp goýdurmak, ýygnap goýdurmak, ýygşyrtmak.

    • Ony Aýsoltanyň haýyşyna görä ýygnatdym. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Bir ýere jemletmek, bir ýere üýşürtmek, toplatmak.

    • Kolhozyň başlygy brigadirleri ýygnadyp, olar bilen ýygnak geçirmegi maslahat bildi: Mallary ýygnatmak.

  4. Ýygym toplatmak, ýygymy topladyp aldyrmak.

    • Salgyt ýygnatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygnatmak - ýygnadýar, ýygnadar, ýygnadypdyr.