ýygaltmak işlik

  1. Arasyny ýakyn etmek, gür etmek, biri-birine golaý etmek.

    • Hatarlaryň arasy 60 santimetre çenli ýygaldyp ekip, ýokary hasyl almagy gazandy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Ýygy -- ýygydan etmek, tizleşdirmek, çaltlaşdyrmak.

    • Esen soňky wagtlarda olara gelmesini ýygaltdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygaltmak - ýygaldýar, ýygaldar, ýygaldypdyr.