ýuwutmak işlik

Bokurdak muskullarynyň hereketi bilen bir zady gyzylödekden geçirmek.

  • Säheriň päkize howasyndan ýuwutmasam, meniň kararym ýetmeýär. (N. Pomma, Taýlak Hazzyn)

  • Akmyrat çig suwdan ýogyn-ýogyn ýuwudyp içdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ony ýuwutmak aňsat. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Şonuň üçin ol agzyna salan nanyny kynlyk bilen ýuwutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýuwutmak - ýuwudýar, ýuwudar, ýuwudypdyr.

gyl ýuwudan ýaly bolmak

seret gep

  • Gyl galan alty hatyndan-a tamaň gyl ýuwudan ýaly bolaýsyn! («Tokmak» žurnaly)

lebzini (wadany) ýuwutmak

Bir zady ýerine ýetirmezlik, wadaňda tapylmazlyk, aldamak.

  • Wadasyny üfläp lebzini ýuwudan adamyň ýüzüne tüýkürilýän dälmidir? Öz ýurduňdaky ýigitleriň ýüzüne tüýküren Kerim Mämmedowa beren wadaňy ýuwudan sen dälmi näme?! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Ak patyşa öz lebzini ýuwutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aýly batyr gyzyny «berjek» diýip soňundan hem lebzini ýuwudan adamdyr. («Türkmen Pýesalary»)

ýer ýuwudan

Sögünç.

ýer ýuwutmak

Ýok bolmak, ýitmek.

  • Şu iki arada ony eýýäm ýer ýuwudýan däldir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Siziň edýän işiňiz bilen bile hemmäňizi ýer ýuwutsyn! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)