ýuwmarlamak işlik

Günäsiz etjek bolup çalyşdyrmak, günäniň üstüni ýapmak, aýybyň üstüni basdyrmak, aklajak bolmak.

  • Kemçiliklerini ýuwmarlajak bolup çalyşmaýarys. («Görogly» eposy)

  • Eziz ony nähili ýuwmarlajagyny bilmän başga ýana sowmaga çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň ýeter-ýetmez aýybynyň üstüni örtmek, ýuwmarlamak ýerine, gaýta garynja ýaly bir kiçijik zady pil edip görkezipdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)