ýurt

[ýu:rt]

  1. Obanyň göçen we oturym üçin gonýan ýeri.

    • Häzir bular täze tutulyp başlan kolhoz obasynyň täze ýurtlarynyň arasy bilen barýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýurdy belet çapar. (nakyl)

    • Ýurt gadyryny göçen biler. (nakyl)

  2. Döwlet; belli bir araçägi bolan orun giňişligi.

    • Öz ýurduny satan dönük öldi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Osipowyň kinaýa bilen duýdurmagyna görä-de, ýurtda gozgalaň turan badyna olara goşulmalydy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýurt - ýurdum, ýurduň.

daşary ýurt

Çet ýurt, öz watanyňdan beýleki ýurtlar.

  • Daşary ýurda gitmek.

her ýurduň tilkisini öz tazysy bilen awlamak

Ýerli ýagdaýy bilmek, ýerlikli geplemek.

ýurdunda ýel ösdürmek

Hiç zatsyz galdyrmak, ýok etmek.

  • Ylaýta-da şeýle galagoply döwürde beýle diýseň, seniň ýurduňda ýel ösdürmekleri mümkin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýurdunda ýel öwüsmek

Dargap gitmek, adyň ýitip gitmek, hiç zatsyz galmak.

ýurdunda ýumurtga togalabermeli etmek

seret ýurdunda ýel ösdürmek

  • Garşy duraýsalar dagy, öýlerini ýumrup, ýurtlarynda ýumurtga togalabermeli etmeýänmi? (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

ýurdy baglamak

Baýlyk, mülk, güýç, talant we ş. m. boýunça meşhur bolmak, hemmelerden öňde bolmak, ökde bolmak.

  • Çekersiň syrtyňa, güýjüňe garanda, ýurdy baglan pälwan bolmalydy. (B. Kerbabaýew. Nebitdag)

ýurdy bulamak

Bozgakçylyk, erbetçilik, bimazaçylyk etmek.

  • Ýurdy bulan haýyn duşman, Aýra saldy ýardan ýary. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

ýurdy çaýkamak

seret ýurdy soramak

ýurdy soramak

Höküm sürmek, meşhur bolmak, öz diýeniňi etdirmek.

  • Şol ýurt soraýan han Keserkaça gan çaýkan, külli türkmeniň üstünde han bolup, ýurt soramak arzuwyny edip, goşun çekip ugraýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ýurdy tutmak

seret ýurdy soramak

ýurt çalmak

Täze ýurdy bellemäge gitmek, gonuljak, göçüp baryljak ýeri öňünden görmek.

ýurt sökmek

Aýlanmak, gezmek, geçmek, syýahat etmek.

  • Oňa çar tarapdan uzak çölleri bir näçe ýurtlary söküp uly kerwen ýollary gelýärdi. («Zähmet Gahrymanlary»)

ýurt ýykan

Erbet, bet, hilegär, ýaman, ýakymsyz.

ýurtda galmak

Hiç zatsyz galmak, garyp düşmek, hor-homsy bolmak, ýeke, hossarsyz galmak.