Ýykmak, weýran etmek, aşaklygyna, iç tarapyna ýykmak, çökertmek, dargatmak, harabaçylyga öwürmek.
Çatma deýin süýşüp gelýän tanklaryň, Ýumurýar bar zady agyr labyry. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Dogry, öý talaňçylar hem öýüni rehimsiz talap, nebir gözel jaýlary ýumurypdyrlar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Nemesler şu berkitmesini ýumurmak üçin taýýarlyk bir näçe gün mundan öň başlanypdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Ýykmak, weýran etmek, agdarmak, dargatmak, ýok etmek.
Sen eger oňlulyk bilen görkezmeseň, edaraňy başyňa ýumuryn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Wah, käşki meniň gargyşym onuň öýüni başyna ýumursady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Könäni ýumurdy bu güýçli halkym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Diňe ezijileriň häkimiýetini ýumranlarynda, azat hem şatlykly durmuş gurap biljegi hakda açyk, aýdyň gürrüň berilýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýumurmak - ýumrar, ýumrupdyr.